Ï HJ «Türkmen-Tranzit» täze hyzmatyny hödürleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HJ «Türkmen-Tranzit» täze hyzmatyny hödürleýär

view-icon 6283
HJ «Türkmen-Tranzit» täze hyzmatyny hödürleýär

Häzirki wagtda adamlar bank kartlarynyň ýerine telefon ulanmagy amatly görýärler. NFC tehnologiýasy arkaly dürli hyzmatlar üçin aragatnaşyksyz tölegler hyzmaty hereket edýär. «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri müşderiler üçin täze hyzmatlardan peýdalanmak üçin bu tehnologiýany Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup hödürledi.

NFC adalgasy Near Field Communication - «golaýdaky aragatnaşyk» ýa-da «ýakyndaky aragatnaşygyk» diýmekdir. Ol şu tehnologiýa bilen gatnaşyk saklaýan we biri-birine ýakyn enjamlaryň simsiz, internet birikmesiz ýa-da Bluetooth ulanmazdan maglumatlary alşyp bilýändigini aňladýar. Mobile Bank goşundysynyň kömegi bilen akylly telefonyňyz ykjam printerli Smart Pos terminalyna öwrülýär.

Ýaňy-ýakynda hem NFC-niň artykmaçlyklary diňe has täze hem-de gymmat enjamlaryň eýelerine elýeterlidi, häzirki wagtda onuň arzan çipleri-de bar. Diýmek, ulanyjylar indi ýatdan çykarylan gapjygyň aladasyny etmeli däl, birnäçe bank kartlaryny götermeli we çylşyrymly Wi-Fi açar sözlerini ýatda saklamaly däl. Indi köp zat has aňsatlaşýar: diňe täze hyzmaty nädip ulanmalydygyny biläýmeli.

Hyzmatyň täze görnüşi telekeçiler, dürli hyzmatlar we söwda işgärleri üçin has amatlydyr.

Mundan başga-da, «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýeti geljekde döwlet edaralarynda, mysal üçin, jemagat hyzmatlaryny tölemek ýa-da petek almagy tabşyrmak üçin degişli tehnologiýalary ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Müşderi bilen şertnama baglaşylandan soň, bank ID (kesgitleýji) arkaly akylly telefona goşýar we oňa belli bir hasaplaşyk hasapçasyny belleýär.