Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023» atly II halkara maslahatynyň we sergisiniň netijeleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.
Metbugat maslahatynda Aşgabatda geçirilen foruma 40 gowrak ýurtdan wekiller gatnaşandygyny we olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, milli we halkara ulag we logistika kompaniýalaryň, senagat zolaklaryň, iri halkara maliýe guramalaryň, ulag ugrundaky abraýly bilermenler bardygyny bellenildi.
Möhüm ähmiýetli halkara çäräniň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek we ýola goýmak maksady bilen, 100-e golaý ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, 26 sany ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Mejlisleriň dowamynda dünýä ulag we logistika pudagynyň sezewar bolýan täze çagyryşlary, şeýle hem özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkezi, ulag we logistika hyzmatlary bazarynyň ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde üýtgemegi, Merkezi Aziýanyň dünýä bazary zynjyrlary bilen gatnaşygy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag, aragatnaşyk we logistika infrastrukturasyny ösdürmekde ylym we bilim meselelerine seredildi.