Ï Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3220
Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli Komitetleriň agzalarynyň 9-njy duşuşygyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmmi web-saýtynda habar berilýär.

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen häzirki çäreleri, söwda amallaryny sanlylaşdyrmak we hususy pudaga maglumat elýeterliligini gowulandyrmak başlangyçlary, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanda döredilen Söwda portaly bilen tanyşdyryldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (HAUB) bilermenleri we Özbegistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Döwlet gümrük komitetiniň işgärleri bilen bielikde özbek-gazak serhedindäki barlag nokadynda ýerleşýän «Ýallama» gümrük nokadyna baryp gördüler, nokadyň sanly gümrük tehnologiýalaryny ulanyp, işleýşi bilen tanyşdylar.