Ï Günbatar sebitde pilä ideg işleri gyzgalaňly barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde pilä ideg işleri gyzgalaňly barýar

view-icon 4511
Günbatar sebitde pilä ideg işleri gyzgalaňly barýar

Günbatar sebitiň pileçileri şu ýyl 50 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän sagdyn gurçuk tohumynyň 1250 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi.

Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasy bilen şertnama baglaşan ýüpekçiler bolsa netijeli zähmet çekip, boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine pugta ynanýarlar. Günbatar sebit boýunça öndüriljek 50 tonna piläniň 30 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri 16 tonna, Bereket etrabynyň pileçileri hem 4 tonna pile öndürmäge borçlanýarlar.

Şu günlerde hem balkanly pileçiler ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg işlerini gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň kadaly üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär. Ussat hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, ýüpek gurçugynyň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen tohumlary üstümizdäki ýylam şowly çykypdyr. Bu tohumlar ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşmek ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de welaýatda ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk iýmitlendirmek üçin tut baglarynyň ýeterlik gorlary bar. Olaryň möçberiniň ýylsaýyn artýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.