Ï Balkanda ýeralmanyň idegi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanda ýeralmanyň idegi dowam edýär

view-icon 2464
Balkanda ýeralmanyň idegi dowam edýär

Balkanly babadaýhanlar şu ýylyň baharynda 1600 gektar ýerde esasy azyklyk önümleriň biri bolan ýeralmanyň ekişini öz wagtynda guramaçylykly geçirdiler.

Şu günlerde hem Günbatar sebitiň ekin dolanyşygyndaky ýerlerde oňat gögeriş alnan ýazlyk ýeralma ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri göwnejaý alnyp barylýar. Şeýle möhüm işler bilen birlikde hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin goşmaça mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri hem degişli agrotehniki möhletlere laýyk amala aşyrylýar. Möwsümleýin çäreleriň ählisem gadymdan gelýän milli ekerançylyk ýörelgeleri hem-de ösen häzirki zaman öňdebaryjy tejribeler, döwrebap tehnologiýalar esasynda kämil ýola goýulýar.

Häzirki wagtda gowşamaýan depginde üstünlikli dowam edýän ýeralmanyň hatarara bejergi işlerinde hem Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary has-da göreldeli zähmet çekýärler. Bu işde olara

birleşigiň etraplardaky ussahanalarynda möwsüme irki möhletlerde deslapdan taýýarlanyp goýlan ätiýaçlyk serişdeleri uly ýardam berýär.