Ï «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammiti – ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň täze derejesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammiti – ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň täze derejesi

view-icon 2417

18-19-njy maýda Hytaýyň gadymy Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa Hytaý» Sammiti tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Şol günlerde dostlukly döwletleriň altysynyň Baştutanlaryny bir meýdança jemlemek bu duşuşykda gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň itergi bermek bilen bagly wajyp pikirler öňe sürler we anyk teklipler beýan ediler.

Türkmenistan Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän, şeýle hem gündogar Hazaryň port düzümleriniň, hususan-da, dünýä bazarlaryna çykmak üçin Türkmenbaşy portunyň ýokary derejede ulanylmagyny üpjün edýän kuwwatly we döwrebap infrastrukturany döredilmek ugrunda çykyş edýär.

Bu taslama geljekde günorta we gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly ykdysady taýdan kuwwatly merkezleri hem ulag infrastrukturasyna birikdirmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze, has uly möçberli görnüşiniň kemala gelmegini aňladýar.

Şunda Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty strategik ähmiýete eýe bolýar. Ol Gara deňiz, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlaryna çykmaga has amatly şertleri döredýän häzirki zaman deňiz gatnawlary ulgamynyň kemala gelmeginde möhüm baglaýjy bolmaga niýetlenendir. Bu bolsa uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny gysgaltmaga we wagtyny has azaltmaga, Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.