Ï Arkadag şäheriniň senagat kärhanalary Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň senagat kärhanalary Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrar

view-icon 2644
Arkadag şäheriniň senagat kärhanalary Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrar

Arkadag şäheriniň senagat toplumynyň önümçilik kuwwaty Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen bagly meselä seredildi. Şeýle-de bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden ýurdumyzda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler hil taýdan we häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýokary halkara görkezijilere kybapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklarynyň guraljakdygyny belläp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy we bu ýerde öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda wajyp orny eýelejekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem bu ýerde bina ediljek senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi, uzak möhletleýinliligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi

Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologik talaplara laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak meýilleşdirilýändigini aýtdy.