Ï Lebap welaýatynyň babadaýhanlary jogapkärli möwsümiň bosagasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynyň babadaýhanlary jogapkärli möwsümiň bosagasynda

view-icon 4574
Lebap welaýatynyň babadaýhanlary jogapkärli möwsümiň bosagasynda

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň, tutanýerli zähmetiň netijesinde 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler.

Häzirki wagtda ýetişdirilen möhüm azyklyk önümini gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak baş wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem galla hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky tehniki hysmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 419 sanysy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy.

Şeýle hem bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 800-e golaýy daşarlar.

Jogapkärli möwsümde bugdaýly meýdanlarda, galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny amal etmek maksady bilen welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlaryň geçirilendigini, kombaýlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek möhümdir.