Ï Bütindünýä daşky gurşawy gormagyň gününe bagyşlanan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä daşky gurşawy gormagyň gününe bagyşlanan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 3412
Bütindünýä daşky gurşawy gormagyň gününe bagyşlanan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiren Daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet olimpiadanyň jemleri jemlenildi.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda 6 ýeňiji we baýrakly orna mynasyp bolanlaryň 39-sy kesgitlenildi.

Ýeňijileriň arasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisiniň okuwçylary bar. Netijede birinji orny Sahydöwlet Hümmetjumaýew (Aşgabatdaky S.Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internaty), Kerim Kakageldiýew (Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň iňlis dilini we takyk ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän 19-njy ýörüteleşdirilen mekdebi), Ogulgerek Amangeldiýewa (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji ýöriteleşdirilen mekdebi), Wepa Begliýew (Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň takyk ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän 43-nji ýöriteleşdirilen mekdebi), Merjen Begenjewa (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebi) we Müňgül Öräýewa (Daşoguz welaýatynyň Şawat etrabynyň 45-nji orta mekdebi) eýelediler.

Ýurdumyzyň paýtagtynyň we sebitleriniň beýleki okuwçylary hem 15 ikinji we 24 üçünji orny eýeläp, ýaryş meýdançasynda üstünlikli çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler I, II we III derejeli diplomlar hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we BMG-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bäsleşik ýaş nesliň ünsüni daşky gurşawy goramak meselelerine, Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan halkara işiniň iň möhüm ugurlaryndan biri bolan bu ugurdaky ähliumumy meselelere çekmek maksady bilen geçirildi.

Daşky gurşawymyza jogapkärçilikli we aýawly garaýşy terbiýelemek, ekologiýa babatda mekdep okuwçylarynyň daşky gurşaw medeniýeti we daşky gurşaw wezipeleri baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaşlary bilelikdäki çözgütlere çekmek hem bäsleşiginiň esasy maksatlarynyň biridir.