Ï Aşgabat we Tähran Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat we Tähran Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 2640
Aşgabat we Tähran Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda Hazar deňzinde türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň hem Eýranyň gatnaşyklarynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere möhüm orun berilýär. Häzirki wagtda sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.