Şu ýylyň geçen bäş aýynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçy gelin-gyzlary dokalan dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 3 million 227,5 müň manatlykdan gowrak boldy.
Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulan 950 inedördül metre derek 1460 inedördül metr önüm öndürilendigini aňladyp, degişli meýilnamanyň 153,7 göterim berjaý edilendigine güwä geçýär. Häzirki wagtda hem gyzylarbatly halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz ussatlyklaryny gaýgyrmaýarlar. Olar her bir iş gününi ýokary zähmet görkezijilerine beslemek hyjuwy bilen has-da döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler.
Ýeri gelende aýtsak, bu fabrik «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki baýry kärhanalaryň hatarynda giňden tanalýar. Bu ýerde ynsan eli bilen döredilýän gözellikleriň iň kämili hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan türkmen halysynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, ony halkara möçberinde täze belentliklere götermekde guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Zehinli, tejribeli halyçy gelin-gyzlaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisi hem içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bilen satyn alynýar.
Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bitirilen işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, geçen gysga döwürde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Gyzylarbat şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze çeper halyçylyk kärhanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi hem türkmeniň bu inçe senedini ömürlik kesp-kär edinip, ykbalyny oňa baglan zähmetsöýer balkanly halyçylaryň ruhubelentligini has-da arşa göterýär.