Ï Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine «EcoPorts» güwänamasy berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine «EcoPorts» güwänamasy berildi

view-icon 3697
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine «EcoPorts» güwänamasy berildi

Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» güwänamasy berildi. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşykda degişli güwänamany gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin häzirki zaman hyzmatlarynyň giň toplumyny ýerine ýetirýär. Aziýadan Ýewropa göni söwda-kommunikasiýa gatnaşyklarynyň elýeterliligini üpjün edýän innowasiýaly port toplumy umumy bähbitleri durmuşa geçirmäge niýetlenen strategiki taýdan möhüm desgadyr.

Ýewropa deňiz portlary edarasynyň (ESPO) we Portlaryň ekologiýa gözegçiligi ulgamynyň (PERS) berýän «EcoPorts» güwänamasy portlara durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we innowasiýalary ornaşdyrmaga kömek edýän, daşky gurşawy goraýan sanly söwda tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär.

«EcoPorts» halkara güwänamasy Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine Ýewropanyň ulag ulgamyna goşulyşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, port işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak üçin okuwlar guralar. «EcoPorts» güwänamasy portuň netijeliligini, port dolandyryş syýasatyny ýokarlandyrýar, daşky gurşawyň goragyna we töwekgelçilikleri dolandyrmaga kömek edýär. Häzirki wagtda Ýewropa portlarynyň 30-dan gowragynyň «EcoPorts» derejesi bar.