Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.
Welaýatda ekiş möwsümine taýýarlykly gelinmegi, bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi gowaça ekilen ýerlerde kadaly gögerişiň gazanylmagyny üpjün etdi. Häzirki wagtda welaýatda gününi sanap öçýän gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalaryň we kämil oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriniň netijeli peýdalanylmagy işleriň barha ilerlemegine ýardam edýär.
Pagtaçy-kärendeçileriň yhlasly zähmeti we tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda 1-nji we 2-nji hatarara işleri tamamlanyp, häzirki döwre çenli 54 göterimden gowrak, ýagny 70 müň gektar töweregi ýerde 3-nji hatarara işleri geçirilipdir.
Gowaça bejergisinde işledilýän tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir.
Geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleri Kerki, Dänew, Saýat, Çärjew hem-de Halaç etraplarynda has-da talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýat boýunça gowaçalara tehniki hyzmat etmek çäreleri bilen birlikde olary haşal otlardan arassalamak we ýekelemek işleriniň irki möhletlerde tamamlanandygyny, munuň bolsa gowaçalaryň kadaly boý almagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny hem belläp geçmek möhümdir.