Ï Türkmenistanyň gaz pudagynyň üstünliklerleri we mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň gaz pudagynyň üstünliklerleri we mümkinçilikleri

view-icon 4273
Türkmenistanyň gaz pudagynyň üstünliklerleri we mümkinçilikleri

Şu ýylyň bäş aýynyň jemi boýunça tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,4 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy - 109,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi - 113,6 göterim ýerine ýetirildi. Şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdylan edilen bu sanlar ýurdumyzyň gaz pudagynyň önümçilik we eksport mümkinçiliginiň yzygiderli ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bu diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin däl, eýsem sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hem möhümdir. Ýurdumyzyň ägirt uly gaz baýlyklary Aziýada-da, Ýewropada-da gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, 7-8-nji iýunda Yslamabatda geçirilen türkmen-pakistan gepleşiklerinde taraplar Pakistanyň, şeýle hem tutuş sebitiň energetika howpsuzlygyny, ykdysady ösüşini we gülläp ösmegini üpjün etjek TOPH ̶ Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygy barada ylalaşdylar. TOPH MGG taslamasynyň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň bilelikdäki meýilnamasyna gol çekildi, ol taslamanyň tehniki-ykdysady delilnamasyny tiz wagtda tamamlamagy we gurluşyk işlerini çaltlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Energetika pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri golaýda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigi göz öňünde tutulyp, tebigy gazdan wodorod öndürmegiň geljegi uly we zerur ugur bolup durýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ugurdaş döwlet gurluşlaryna energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça çäreleriň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.