Türkmenistan Wengriýa Respublikasyna ulag ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde degişli teklipler bilen çykyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ol aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan “Lazurit” we Hazar deňzi — Gara deňiz üstaşyr ulag ugurlary arkaly
Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda türkmen tarapy Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine goşulmak boýunça çäreleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Baştutany şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda binýatlaýyn resminamalary gol çekmäge taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplanýandygyny nygtady.