11-nji iýundan 17-nji iýun aralygynda «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň we Assosiasiýa agza kompaniýalaryň - «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ-nyň, şeýle hem Baltika ýurtlaryndaky «Halkara gatnaw logistika» HJ-niň wekilleri TRACECA MPK we Gazagystan Respublikasynyň «Kazlogistics» Ulagçylar Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda hyzmatdaşlygy boýunça Taslamasynyň çäklerinde Latwiýanyň we Litwanyň portlaryna guralan saparlara gatnaşýarlar.
Çärä ulag edaralarynyň, ulag-logistika kärhanalarynyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Saparyň esasy maksatlary - täze ulag ugurlaryny we olaryň mümkinçiliklerini öwrenmek, Latwiýanyň, Litwanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gyzyklanýan kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirmek, şeýle hem Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamynyň, TRACECA halkara ulag geçelgesiniň ösüşiniň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdyr.

Rigada guralan tegelek stola gatnaşyjylar TRACECA guramasynyň we Latwiýanyň ulag gözegçilik gullugynyň tanyşdyryşlary bilen tanyşarlar.
«Hazar Üstaşyr-söwda ýolunyň ösüşi: Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze mümkinçilikler» atly telekeçilik forumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilýetleri Latwiýanyň söwda-senagat palatasynyň, Latwiýanyň steworing assosiasiýasynyň, Latwiýanyň logistika assosiasiýasynyň, «Latvijas Auto» assosiasiýasynyň taslamalary bilen tanyşdyrylar we telekeçiler bilen duşuşyklar geçiriler.
Ulag-logistika işewürlik forumynyň çäklerinde «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň we Latwiýanyň ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasynyň (LAFF) wekilleri özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler.
Ähtnama laýyklykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary assosiasiýalaryň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem gyzyklanýan kompaniýalar we guramalar bilen hünär hem-de işewürlik gatnaşyklary giňeltmekde birek-birege ýardam bermek ýaly maksatlar bellenildi.
Taraplar şeýle hem logistika pudagynda häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda mejlisleri we duşuşyklary guramak, logistika boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň kärini ýokarlandyrmak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek ýaly bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.
Saparyň maksatnamasynda beýleki zatlar bilen bir hatarda, Türkmenistan-Latwiýanyň bilelikdäki iş toparynyň ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Latwiýanyň we Litwanyň portlaryna saparlary, Litwanyň ekspeditorlar we logistika milli assosiasiýasy (LINEKA) bilen özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek göz öňünde tutulan.