Ï Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi

view-icon 6136
Aşgabatda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň paýtagtynda nebit-gaz pudagynda esasy hünärmenleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Esasy çäreler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiinde boldy.

Halkara guramalarynyň we nebit-gaz pudagynyň ylmy guramalarynyň wekilleri hem-de dünýäniň dürli sebitlerinden bolan bilermenler möhüm energetika meselelerini, täze tehnologiýalaryň geljegini, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde ekologiýanyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Umumy mejlisi alyp baryjy, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko maslahaty açyp, Aşgabatda geçirilýän bu çäräniň ähmiýeti barada gysgaça gürrüň berdi we deslapky taýýarlyk işleriniň üstünlikli geçirilendigi üçin guramaçylara hoşallyk bildirdi.

Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary M.Arçaýewiň, Türkmenistanyň DIM-niň Howa meseleleri boýunça geňeşçisi M.Akmyradowyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiiniň rektory B.Atamanowyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy P.Jepbarowyň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri – «PETRONAS Carigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismail, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň esaslandyryjysy I.Zgurow, Bütindünýä daşky gurşaw boýunça ösüş institutynyň baş direktory F.Raýzberman, BP kompaniýasynyň metany ölçemek we düzümini azaltmak boýunça inženery P.Ewans we (BMG)'' Metan zyňyndylar boýunça halkara obserwatoriýasynyň başlygy M.Kaltajirone maslahata gatnaşanlara we bilermenlere uglewodorod ýataklary özleşdirilende ekologiýa meselelerini çözmäge öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Bilermenleriň bölümleriň mejlislerindäki «Uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagyň» we «Arassa energitikany ilerletmekde ekologiýany maliýeleşdirmegiň we başlangyçlaryň täze mümkinçilikleriniň» meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça çykyşlary hem gyzykly boldy.

Çäräniň gurmaçylarynyň maslahata gowy taýýarlygyny, şeýle hem ony gurmaçylykly geçiriendigini aýratyn bellemek gerek. Myhmanlar we bilermenler üçin geňeşmeleri geçirmek hem-de maslahatyň garamagyna hödürlenen möhüm meseleler boýunça netijeli pikir alyşmak üçin zerur şertler döredilipdir.