Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberilýän gazyň mukdary ýylda 40 milliarda golaý kub metr barabar boldy.
Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda açylan «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynda çykyş edende aýtdy.
M.Arçaýew türkmen tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasydygyny belledi.
«2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylyşa berlen Türkmenistan – Özbegistan –Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça ýylda 40 milliard kub metr tebigy gaz iberilýär» – diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary aýtdy.
Ol geljekde türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän ýyllyk mukdarynyň 65 milliard kub metre çenli artdyryljakdygyny nygtady.