Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen we gyrgyz telekeçileriniň tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu barada HHM-iň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum komiteti guradylar. Gyrgyz wekilýetiniň hatarynda dokma senagaty, gurluşyk materiallary önümçiligi, azyk senagaty, IT tehnologiýalary, şeýle hem nebit himiýasy pudagynda işleýän ýerli kompaniýalarynyň 17-siniň ýolbaşçylary bar.
Türkmen tarapyndan gurluşyk materiallary, ulag we logistika, azyk senagaty, dokma senagaty, IT tehnologiýalary önümçiliginde işleýän 40 kompaniýanyň wekilleri we telekeçiler gatnaşdylar.
Duşuşykda türkmen-gyrgyz söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň, hususan-da, döwletleriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň, şeýle hem iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösýändigi we önümleriň görnüşini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň zerurlygy bellenildi. Bilelikdäki işi güýçlendirmäge we bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýarlyk bildirildi.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesinde bilelikdäki işiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga degişli 36 resminama gol çekildi.