Balkanly gallaçylar welaýatyň çägindäki 50 mün gektar bugdaý ýerinden 80 mün tonna däne hasylyny almagy meýilleşdirýärler.
Welaýatyň Magtymguly etrabynyň edermen gallaçylary bolsa Günbatar sebitde ilkinji bolup, şu ýyl döwlet harmanyna däne tabşyrmak baradaky meýilnamany artygy bilen üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar degişli tabşyrygy 124,2 göterim amal etdiler.
Ýeri gelende aýtsak, üstünliklere beslenýän möwsümde öňdebaryjy hojalyklaryň, etraplaryň sanynyň sagatsaýyn, günsaýyn artýandygy has guwançlydyr. Şeýle ajaýyp zähmet ýeňişleriniň gazanylmagynda hem dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «John Deere», «СLAAS» we «New Holland» kysymly kombaýnlarynyň mynasyp hyzmatlary bar. Welaýatda ýokary öndürijilikli däne orujy bu kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, ulaglaryň saz hem-de bökdençsiz işlemekleri üçin hem ähli zerur tagallalar edilýär. Munuň üçin düzüminde tejribeli hünärmenler, bejeriji ussalar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 26-sy hereket edýär. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk şaýlary bilen birkemsiz üpjün edilen göçme toparlar gije-gündiz zähmet çekýärler.
Kuwwatly kombaýnlar bilen ýygnalýan hasyl «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat, Bereket etrap galla kabul ediş kärhanalaryna çalt we ýitgisiz daşamakda-da degişli awtoulaglaryň dynuwsyz hereketi üpjün edilýär. Şeýle-de zähmetsöýer kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda bäsleşikler guralyp, öňdebaryjylar welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendirilýär.