Ï Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda

view-icon 11778
Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň ählisinde ilkinji jaňyň ýaňlanjak dabaraly güni – 1-nji sentýabr barha golaýlaýar. Çagalar mekdep partalarynyň başyna geçer-de, täze okuw ýyly başlanar.

Geljekki birinji synp okuwçylarynyň we öň mekdebe gatnaýan çagalary bar bolan ata-eneler eýýämden çagalaryny mekdebe taýýarlaýarlar. Merkezi bazarlaryň gapdalynda açylan ýörite mekdep bazarlary, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki kiçi bazarlar mekdebe zerur esbaplary hödürleýärler.

Paýtagtymyzdaky «Gülüstan» döwlet söwda merkeziniň golaýynda açylan söwda nokatlary hemişe köp adamly. Bu ýerde dürli mekdep lybaslary we okuw esbaplary: gyzlar üçin ýaşyl penjekler we milli nagyşly köýnekler, bantlar, oglanlar üçin köýnekler, penjekler we galstuklar hem-de dürli görnüşli okuw esbaplary satylýar.

Tomusda çaga ösüp biler. Şonuň üçinem mekdep eşikleriniň ölçegine aýratyn üns bermeli. Egin-eşikler çaganyň hereketini gysar derejede gaty dar bolmaly däl. Ol çaga oturanda-da, ýörände-de rahat bolmaly.

«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi ölçegine görä mekdep eşiklerini, şeýle hem goşmaça dokma esbaplaryny hödürleýär. Şeýle hem onuň dürli görnüşlerini saýlap we onlaýn söwda meýdançasynda öýüňize eltip bermegi sargyt edip bilersiňiz.

Teke bazarynyň golaýynda hem uly mekdep bazary hereket edýär.

Bu ýerde saba säherden kanselýariýa esbaplarynyň söwdasy başlanýar. Milli nyşanly depderler we depderçeler, surat albomlary, daşlyklar, okuwçy gündelikleri, dürli görnüşli ruçkalar, şeýle hem dürli reňkli galamlar we köp sanly zerur zatlar – skrepkalardan başlap, gara hem-de reňkli galamlardyr bozguçlara çenli zatlaryň ählisini bir ýerden satyn alyp bolýar.

Birnäçe zat satyn alan müşderilere ep-esli arzanlaşyklar hödürlenýär.

«Altyn asyr» gündogar bazarynda hem köpugurly mekdep bazary işleýär. Ol söwda etmegi halaýanlara tüýs gerek ýer. Kanselýariýa we mekdep esbaplaryndan başga-da, bu ýerde rýukzaklar, talyp portfelleri we sumkalar bar. Şeýle hem bu mekdep bazarynda çaga aýakgaplaryny arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz.

Mekdep bazarlarynyň 5-nji sentýabra çenli işlejekdigini ýatladýarys.