Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri bolan gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl hem gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda boýy ýetik gowaçaly meýdanlarda pagtalaryň köpçülikleýin açylyp başlamagy bolsa daýhan yhlasynyň ýerine düşendiginiň subutnamasydyr. 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol hasyl almaklygy meýilleşdirýän Gündogar sebitiň zähmetsöýer daýhanlary örän jogapkärli möwsüme – pagta ýygymyna hem taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.
Häzirki wagtda welaýatyň etraplarynda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 34-si, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-si pagta ýygymy möwsümine doly taýýar edilipdir. Harmanhanalarda oturdylan elektron terezileriň 34-si hem Döwlet standartlary gullugynyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, pagta hasylyny kabul etmäge taýýar edilipdir. Bu bolsa harmanhanalara getirilýän pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige mümkinçilik berýär.
Şonuň bilen birlikde, Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigi hem-de onuň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary tarapyndan ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlar tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Şeýle hem ýygym döwründe ýygnalan pagta hasylyny pagta kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin tehnikalar – awtoulaglar, traktorlar we olaryň tirkegleri gözden geçirilip, möwsüme taýýar edilipdir. Mundan başga-da, ýygym möwsüminde tehniki hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça hem çäreler göz öňünde tutulýar. Jogapkärli möwsümiň öň ýanynda welaýatda alnyp barylýan guramaçylyk işleri Gündogar sebitiň pagtaçy daýhanlarynyň ýetişdiren bol gowaça hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap, bellenilen sepgide üstünlikli ýetjekdiklerine bolan ynamy berkidýär.