«NowaEco» ýurdumyzda täze kartony, ýokary hilli gofra gaplary we kagyzy köp mukdarda öndürýan kärhanalaryň biridir. 1999-njy ýyldan bäri gofra kartonyň bazarynda üstünlikli işleýän bu kärhana, bazardaky paýynyň 50 göterimine eýe bolup, ýurdumyzyň kagyz we gaplaýyş pudagynda öňdebaryjy bolup durýar.
Kärhananyň ýokary hünärli we tejribeli işgärleri daşky gurşawy goramak üçin ähli tagallalary edip, durnukly geljege goşant goşmaga çalyşýarlar. Munuň şeýledigine kärhanada diňe bir ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegi däl, eýsem, ikinji derejeli çig malyň ulanylyşy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Kärhanada agaçlaryň kesilmeginden we parnik gazlarynyň umumy zyňyndylaryny azaltmak arkaly işewürligiň durnuklylygynyň üpjün edilmegi onuň esasy aýratynlygydyr. Şeýle hem bu ýerde toplanan tejribe arkaly kagyz we gaplaýyş pudagyny has hem güýçlendirmegi maksat edinilýär.
«NowaEco» müşderilerine hyzmatlaryň doly görnüşini, ýagny gofra kartonyň görnüşlerini seçip saýlamak, gurluşygyň ösüşi we islendik çylşyrymly gaplamanyň grafiki dizaýnyny, taýýar önümleri eltip bermegiň oňaýly usullaryny hödürleýär. Onuň önümçiligi ösdürmek bölümi gerekli ululygy, konfigurasiýasy we dizaýny ýaly belli bir iş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin dürli gaplama çözgütleriniň üstünde işleýär.
Ekologiýa taýdan arassa serişdelerden öndürilen önümleriň giň toplumy islendik ölçegdäki standart gaplama, dürli gaplamalary, arhiw üçin niýetlenip çykarylýan gapakly gutulary, maýda önümleri gaplamak üçin gofra gaplary, dürli fakturalaryň we reňkleriň ähli görnüşlerini, önümleriň giň toplumy üçin ulanylýan dürli görnüşli iýmit gaplary we gutulary öz içine alýar.