Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz tarapyndan hususy pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa düýpli maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde öňde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Şu ugurda milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşant goşýan telekeçilerimiz durmuşyň ähli ugurlarynda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy, welaýat merkezi Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Batly-Gadam” hususy kärhanasy hem şeýle önümçilik düzümleriniň biridir. Öňdebaryjy kärhananyň hünärmenleri öz taýýarlaýan dürli ölçeglerdäki ýüplüklerini diňe bir içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem olary ýokary derejede boýamakda hem-de köp görnüşli, göze gelüwli, owadan joraplary öndürmekde nusgalyk işleri bitirýärler.
Hususy kärhananyň Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen Ýüplik önümçiligi bölüminde her ýylda 13,5 müň tonnadan gowrak ýokary hilli ýüplik taýýarlanylýar. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde, ýüplik öndürmek baradaky meýilnama-da yzygiderli artygy bilen berjaý edilýär. Ýeri gelende aýtsak, kärhananyň ähli bölümlerinde işler awtomatiki usulda kämil ýola goýlup, saz we bökdençsiz dolandyrylýar. Germaniýanyň ýokary tehnologik kuwwatly enjamlary oturdylan boýag bölüminde hem her günde dürli reňklere boýalýan ýüplükleriň umumy möçberi bäş tonnadan geçýär. Olaryň agramly bölegi jorap önümçiliginde giňden ulanylyp, her gije-gündiziň dowamynda 50 müň jübüt jorap taýýarlanylýar. Munuň özi, ýylda 18 million jübüt jorabyň öndürilýändigine şaýatlyk edýär. Netijede içerki sarp edijileriň bu önümlere bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Şonuň ýaly-da ekologik taýdan arassa pagta gaýtadan işlenilip, geçginli harytlar, hil nyşanly önümler daşary ýurtlara eksport edilýär.
Ýakynda biz hususy kärhananyň ýolbaşçysy Arazberdi Amanmämmedow bilen şu günlerde alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolduk. Şonda ol:
– Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem işlerimiz has gyzgalaňly dowam edýär. Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň çäginden 99 ýyl möhlet bilen berlen 11589 gektar ýeriň 6 müň gektaryndan şu ýyl 9 müň tonna derek 19,5 müň tonna golaý bugdaý alyp, döwlet harmanyna tabşyrdyk. Degişli önümçilik tabşyryklarymyzam iki esseden gowrak artygy bilen amal etdik.
Häzirki wagtda işewür daýhanlarymyz 3100 gektar meýdanda kärhanamyza önüm öndürmekde gymmatly çig mal bolup hyzmat edýän gowaçanyň bol, bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdik. Mundan başga-da, ýakyn wagtda oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna girişip, ýene 2000 gektar ýerimizden “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrarys. Şeýle-de öz ösdürip ýetişdirýän “ak altyn” hasylymyzy senagat taýdan gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirip, içerki we daşarky sarp edijiler üçin islegli önümleriň görnüşlerini hem-de möçberlerini has-da köpelderis.-diýip, gürrüň berdi.