Ï «DARYA» taslamasy Türkmenistan bilen ÝB-niň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysalydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«DARYA» taslamasy Türkmenistan bilen ÝB-niň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysalydyr

view-icon 3334
«DARYA» taslamasy Türkmenistan bilen ÝB-niň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysalydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Çarlz Mişel bilen bolan duşuşygynda Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýöriteleşdirilen taslamalary we maksatnamalary, şol sanda kanunlar, bilim, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, oba hojalygy we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydygy nygtaldy.

Geçen ýyl başlanyp, Ýewropa Bilim gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada ugurtapyjy ýaşlar üçin gepleşik we hereket DARYA» atly bäş ýyllyk taslama bilim pudagyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysalydyr. Bu Ýewropa Bileleşiginiň zähmet bazaryna girmegi we endikleri ösdürmegi goldaýan çäreler arkaly Merkezi Aziýadaky ýaşlara goldaw bermäge gönükdirilen ilkinji sebitleýin taslamadyr.

«DARYA» taslamasy boýunça geçirilen onlaýn konferensiýalara we webinarlara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi (IMM) işjeň gatnaşýar. Şu ýylyň mart aýynda ÝB-niň maksatnama syýasaty we taslamalar bölüminiň başlygy Georgios Zisimosyň gatnaşmagynda IMM-iň we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň işgärleriniň Ýewropa bilim gaznasynyň (ÝBG) wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ÝB-niň Türkmenistandaky ýurt koordinatory Franka Krestani-de gatnaşdy. Netijeli duşuşygyň barşynda «DARYA» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iýun aýynda IMM-iň müdiri Ç.Hanmuhammedow Italiýanyň Turin şäherinde geçirilen mugallymlaryň we okuwçylaryň sanly başarnyklaryny goldamak boýunça seminara gatnaşdy we bu ýerde sanly tehnologiýalary ulanýan iň oňat halkara öwrediş usullarydyr amalyýetleri bilen tanyşdy.

19-njy sentýabrda «DARYA» taslamasy boýunça türkmen hyzmatdaşlary, şol sanda IMM-iň işgärleri sebitleýin kwalifikasiýa çarçuwasyny döretmek mümkinçiligini öwrenmek boýunça nobatdaky webinara gatnaşdylar. Çäräniň maksady «DARYA» taslamasynyň Merkezi Aziýada hünär derejesi boýunça agtaryşlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli ilkinji netijeleri bilen tanyşmakdyr. Duşuşyga gatnaşanlara Merkezi Aziýada başarnyklara we kwalifikasiýalara (ykdysadyýet we söwda, strategik hereketlendiriji güýçler, zähmet migrasiýasy we bilim hereketi) dahylly häzirki prosesler, şeýle hem kwalifikasiýalar pudagynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň bar bolan mysallary berildi. Bu tanyşdyryş çäresiniň esasy diňleýjileri degişli edaralaryň – Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim ministrlikleriniň, kwalifikasiýa we hünär ussatlygy boýunça döwlet edaralarynyň, iş berijiler guramalarynyň, pudaklaýyn we hünär guramalarynyň, bilim edaralarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hünärmenleri boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, IMM-iň hünärmenleri Ýewropa bilim gaznasynyň «DARYA» taslamasynyň çäginde 30-njy oktýabr – 1-nji noýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek «3-nji modul: giňişleýin bilim we öwretme» çäresine gatnaşmaga çagyryldy.