Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda DÜZGÜNNAMA
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda DÜZGÜNNAMA

view-icon 6885

1. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.

3. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen:

döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan;

howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde işleri bitiren;

durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik edaralarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, meýletinçilik hereketini ösdürmekde uly goşant goşan;

eneligiň we çagalygyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniň we çaganyň abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara bolan mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren;

howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermek, zerur bolan halatlarda ýörite operasiýalary we beýleki hyzmatlary etmek, saglygyny dikeltmek, öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyran;

ata-enesiniň howandarlygyndan galanlaryň, şeýle hem käbir ýagdaýlarda beýleki çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýardamlary we goldawlary beren;

hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary hem-de usuly taýdan kömek bermek işinde tapawutlanan;

haýyr-sahawat, hossarlyk we howandarlyk, meýletinçilik işine, bu ugurda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalaryny ösdürmekde guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, amaly taýdan işjeň goldaw beren, şol sanda maddy we maliýe goldawlary, pul serişdeleri, beýleki bagyş etmeler bilen goşant goşan;

bu işleri wagyz-nesihat etmekde tapawutlanan;

ösüp gelýän ýaş nesilde Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin işleri bitiren;

ýaş nesliň türkmen halkynyň taryhy we milli däpleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlary esasynda terbiýelenmegine goşant goşan;

çagalaryň we ýaşlaryň iň gowy bähbitleriniň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, bu işleriň halkara derejede ykrar edilmegine goşan goşantlary üçin ýokary ynsanperwer, adamkärçilikli, kärine, halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza wepaly bolan lukmanlar, mugallymlar, terbiýeçiler, ylmy, döredijilik, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlary sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.

6. Medala mynasyp bolan adama Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we şahadatnamasy, onuň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.