Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 11779

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 11-nji madda):

1) 51-nji maddanyň ikinji böleginde:

birinji sözlemde «şol möhlete» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji sözlemi şu görnüşde beýan etmeli: «Şunda onuň möçberi azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi azatlygy çäklendirmegiň iki güni hasabyndan ugur alnyp kesgitlenýär.»;

2) 64-nji maddanyň ikinji böleginde:

«azatlykdan mahrum etmek,» diýen sözlerden soň «azatlygy çäklendirmek,» diýen sözleri goşmaly;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Jerime görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, azatlygy çäklendirmek, harby-düzediş bölüminde saklamak, harby gulluk boýunça çäklendirme, düzediş işleri ýa-da hökmany işler bilen goşulanda olar özbaşdak ýerine ýetirilýär.»;

3) 70-nji maddanyň belligini aýyrmaly;

4) 80-nji maddanyň ikinji böleginiň ç) bendiniň rus dilindäki ýazgysynda «или средней» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 148-nji maddanyň sanksiýasynda «bir ýyldan bäş ýyla çenli» diýen sözleri «iki ýyla çenli», 158-nji maddanyň sanksiýasynda «bir ýyldan bäş ýyla çenli» diýen sözleri «dört ýyla çenli», 159-njy maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalarynda «bir ýyldan bäş ýyla çenli» diýen sözleri «iki ýyla çenli» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., № 1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda; 2021 ý., № 1, 13-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 147-nji madda; 2022 ý., № 2, 26-njy madda, № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda):

1) 25-nji maddada «ýa-da Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 70 — 72-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy» diýen sözleri aýyrmaly;

2) 89-njy maddanyň belliginde «iki ýüz ýigrimi bäşisinden» diýen sözleri «ýetmiş bäşisinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 92-nji we 96-njy maddalaryň belliginde «on bäşisinden» diýen sözleri «bäşisinden» diýen söze çalşyrmaly;

4) 94-nji maddanyň belliginde «otuzysyndan» diýen sözi «onusyndan» diýen söze çalşyrmaly;

5) 941-nji maddanyň belliginde «iki ýüz ýigrimi bäşisinden» diýen sözleri «ýetmiş bäşisinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 991-njy maddanyň belliginde «üç ýüzüsinden» we «dört ýüz ellisinden» diýen sözleri degişlilikde «ýüzüsinden» we «ýüz ellisinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 118-nji maddanyň belliginde «kyrk bäşisinden» diýen sözleri «on bäşisinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 155-nji maddanyň belliginde «altmyşysyndan» diýen sözi «ýigrimisinden» diýen söze çalşyrmaly;

9) 223-nji maddanyň birinji böleginiň dispozisiýasynda «otuzysyna» diýen sözi «onusyna» diýen söze çalşyrmaly;

10) 283-nji maddanyň belliginiň ikinji böleginde «bir müň bäş ýüzüsinden» diýen sözleri «bäş ýüzüsinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 312-nji maddanyň belliginde «altmyşysyndan» we «ýüz ellisinden» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimisinden» we «ellisinden» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 313-nji maddanyň belliginde «otuz altysyna çenli bolan» diýen sözleri «on ikisinden geçmeýän» diýen sözlere çalşyrmaly;

13) 325-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«325-nji madda. Nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulmagy

1. Nebit önümleriniň bellenilen (çäklendirilen) möçberlerden artyk harçlanylmagy, niýetlenilişine görä ulanylmazlygy, sarp edijileriň awtomobil ulag serişdelerinde, ýöriteleşdirilen tehnikalarynda hem-de mehanizmlerinde nebit önümlerini sarp etmegiň bellenilen ölçegleriniň we kadalarynyň, şol sanda tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň bozulmagy, nebit önümleriniň bikanun ýerlenilmegi we edinilmegi, goýberilýän nebit önümleriniň hiliniň girdeji resminamalaryndaky maglumatlara gabat gelmezligi we/ýa-da nebit önümleriniň hiliniň dikeldip bolmazlygy, nebit önümleriniň bikanun hasapdan öçürilmegi, ulanylan nebit önümleriniň galyndylaryny kabul etmegiň, saklamagyň, goýbermegiň, gaýtadan işlemegiň tertibiniň bozulmagy —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine, wezipeli adamlara — ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara — bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi –—

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

14) 4301-njy maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

15) 448-nji maddanyň birinji böleginde «325-nji,» diýen sözi aýyrmaly;

16) 461-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«4611-nji madda. Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugynyň administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmek boýunça ygtyýarlyklary

1. Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugy şu Kodeksiň 325-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaranyň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçilik gullugynyň başlygynyň we onuň orunbasarynyň hukugy bardyr.»;

17) 511-nji maddanyň belligini aýyrmaly.

3. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 2, 27-nji madda, № 3, 73-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 137-nji maddasynyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Kazyýet mejlisini geçirmezden we taraplary çagyrmazdan jedelsiz talaplar boýunça bergidardan pul möçberini tutup almak, gozgalýan emlägi talap etmek ýa-da jedelsiz esaslar boýunça hususy eýeçilikdäki gozgalmaýan emläkden peýdalanmakda döreýän päsgelçiligi aradan aýyrmak hakyndaky arzalar boýunça önümçilik buýruk önümçiligi bolup durýar.».

4. 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 73-nji madda; 2016 ý., № 1, 69-njy madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda):

9-njy maddanyň üçünji böleginde «Gullugyň» diýen sözden soň «döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilýän müdirlikleri,» diýen sözleri goşmaly;

13-nji maddanyň mazmunyny «1.» san belgi bilen belgilemeli we oňa şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Gullugyň döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilýän müdirlikleri şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarlyklardan başga-da, Kanunyň 14-nji maddasynda bellenilen Gullugyň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hem amala aşyryp bilerler.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.