Ï Türkmenistanda ygtyýarly ykdysady operator edarasyny ornaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ygtyýarly ykdysady operator edarasyny ornaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5256
Türkmenistanda ygtyýarly ykdysady operator edarasyny ornaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen duşuşyk ýurtda ygtyýarly ykdysady operator (YYO) edarasynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlandy.

Duşuşyga gümrük gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň tabynlygyndaky bölümleriň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri, şeýle hem ýurduň telekeçileri gatnaşdylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň telekeçilik düzümleriniň wekillerini ýurduň gümrük kanunçylygyndaky täze üýtgeşmeler, hususan-da, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky üýtgetmeler we goşmaçalar baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksine «Ygtyýarly ykdysady operator» atly täze bap girizilmegi bilen tanyşdyrmagy maksat edindi. Oňa gatnaşanlar birnäçe gümrük ýeňilliklerini berýän YYO derejesini almagyň tertibi bilen tanyşdylar.

YYO harytlaryň halkara hereketine gatnaşýan we milli gümrük gullugynyň Howpsuz we ýeňilleşdirilen ählumumy söwda çarçuwasynyň we dünýä söwdasyny ýa-da şuňa meňzeş harytlary iberiş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýär diýlip ykrar edilen islendik edara görnüşli tarapdyr.

YYO halkara üpjünçilik zynjyryna gatnaşýanlary, ýagny öndürijiden ahyrky alyja çenli ähli öndürijileri öz içine almaga niýetlenendir. Şeýlelikde, ýokary derejeli howpsuzlygy üpjün etmek meýilleşdirilýär. Kiçi we orta kärhanalar bu zynjyryň aýrylmaz bölegidir.

Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna goşulmak barada şahadatnama bermegiň görnüşi we tertibi, bu şahadatnamanyň togtadylmagy we ýatyrylmagy gümrük bileleşigine agza döwletleriň kanunlary esasynda kesgitlenýär.