Ï Türkmenistanly mugallymlar Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň hünärmenlerinden hünär ýokarlandyryş sapaklaryny aldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mugallymlar Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň hünärmenlerinden hünär ýokarlandyryş sapaklaryny aldylar

view-icon 2608
Türkmenistanly mugallymlar Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň hünärmenlerinden hünär ýokarlandyryş sapaklaryny aldylar

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary geçirildi.

Russiýanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklary ulgamynda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň (NDPU, Tatarystan) guran okuwyna 200-den gowrak adam gatnaşdy.

Mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary on gün russiýaly kärdeşleriniň sapaklaryna gatnaşdylar. Guralan okuwlarda Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň wekilleri türkmen mugallymlaryny dürli dersleri okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Okuwlara gatnaşan matematika mugallymlaryna işjeňlige gönükdirilen sapagy taýýarlamagyň täze usulyýeti teklip edildi. «Informatika» dersinde bilim netijelerini kemala getirmek we baha bermek üçin gurallar öwrenildi.

Biologiýa we himiýa derslerinde diagnostika we bilim netijelerini kemala getirmek temalary beýan edildi. Sanly tehnologiýalary ulanyp, rus diliniň we edebiýatynyň integrirlenen sapagynyň, şeýle hem başlangyç synp mugallymlaryň tejribesinde kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň okamak sowatlylygyny kemala getirmegiň netijeli usullaryna garaldy.

Okuw sapaklarynyň jemi boýunça türkmen mugallymlaryna dabaraly ýagdaýda Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny tamamlandygy barada şahadatnama gowşuryldy.

Bu çärä gatnaşan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Kiril Woronkow munuň iki ýurduň arasynda bilim hyzmatdaşlygy pudagynda ilkinji tejribedigini aýtdy. Geljekde hem ony dowam etdirmek meýilleşdirilýär.