Ï Türkmen talyplary «Central Asian Spelling Bee» atly sebit bäsleşiginde ýeňiji boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary «Central Asian Spelling Bee» atly sebit bäsleşiginde ýeňiji boldular

view-icon 3683
Türkmen talyplary «Central Asian Spelling Bee» atly sebit bäsleşiginde ýeňiji boldular

Türkmenistanly talyplar «Central Asian Spelling Bee» maksatnamasynyň çäginde geçirilen dürs ýazuw bäsleşiginiň sebitleýin tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler.

Bäsleşik Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçdi. Türkmenistanlylar birinji we ikinji orunlary eýelediler. Bäsleşige ýurdumyzda milli derejede özlerini mynasyp görkezen dört talyp: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden iki, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden bir, Türkmen döwlet maliýe institutyndan bir talyp gatnaşdy.

Geçen ýyl Daşkentde geçen «Merkezi Aziýa dürs ýazuwy» sebitleýin bäsleşiginde-de türkmen talyplary ajaýyp netijeleri görkezdiler.

«Spelling bee» – bu bäsleşige gatnaşýanlaryň sözi harpma-harp aýtmak bilen onuň dürs ýazylyşyny görkezmek bäsleşigidir. Bäsleşikde tabşyryklar kynlygy artýan usulda yzygiderli berilýär.