Ï Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Astrahanda geçiriljek Üçünji halkara foruma gatnaşarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Astrahanda geçiriljek Üçünji halkara foruma gatnaşarlar

view-icon 2208
Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Astrahanda geçiriljek Üçünji halkara foruma gatnaşarlar

Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalary 23ؘ–25-nji aprelde Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar.

Forumda Wolga-Hazar ulag we logistika ekologik ulgamyň we Türkmenistanyň esasy üstaşyr geçelgesi wezipesini ýerine ýetirýän Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň wekilleri bu forumyň öňki sanlaryna gatnaşyp, Hazar sebitinde ulag logistikasyny gowulandyrmak üçin teklipler bilen çykyş etdiler.

Bu ýyl forumda portlar we terminallar, ýükleme-düşürme we logistika kompaniýalary, ýük iberijiler we ýük eýeleri, suw, demir ýol we gara ýol ulagynyň operatorlary, eksportçylar we importçylar, senagat NKO-lary, Hazar ýurtlaryndan, ýagny Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan, şeýle hem Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum şereketleri çykyş ederler.

Foruma gatnaşmak Hazarýaka ýurtlaryndan gelen kompaniýalaryň we guramalaryň wekillerine geljegi uly täze gatnaşyklary ýola goýmaga, Russiýanyň we Hazar ýurtlarynyň bazarlaryndaky iş aýratynlyklaryna has gowy düşünmäge, eksport, logistika, ulag we infrastruktura ugurlarynda bolup biljek hyzmatdaşlaryň gyzyklanýan we garaşýan zatlaryna düşünmäge mümkinçilik berer.

Forumyň 2024-nji ýyldaky iş maksatnamasynyň esasy meseleleriniň arasynda halkara ykdysady gatnaşyklaryň üýtgeýän şertlerinde Hazaryň ulag logistikasy, Hazar çatrygy, Ýewraziýanyň esasy bazarlaryna barýan ulag ýollarynyň artykmaçlyklary we aýratynlyklary, Russiýadan we Hazarýaka ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň eksporty halkara ulag geçelgeleriniň ösüşi, suw ulagy arkaly ýük daşama bazarynyň ýagdaýy we geljegi, Hazar we Wolga port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitinde infrastrukturany we ulagy ösdürmek boýunça taslamalar üçin maýa goýum çeşmeleri ýaly temalar bar.

Foruma gatnaşýanlar onuň birinji gününde, ýagny 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Astrahanyň birnäçe ýük portuna baryp görmäge we olaryň infrastrukturasy, mümkinçilikleri, iş tejribesi hem ösüş meýilnamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Forumyň ikinji gününiň iş meýilnamasy sebitiň Wolga kenaryndaky iň oňat myhmanhanalar toplumynda, şäheriň dolandyryş we iş merkezinde – «Grand Otel Astrahan»-da geçiriler. Forumyň üçünji gününde myhmanlara şäher daşyndaky ajaýyp bir ýerde resmi däl ýagdaýda gatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýän özboluşly aragatnaşyk maksatnamasy hödürlenýär.