Ï Mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi

view-icon 2690
Mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu hojalyk jemgyýetiniň täze desgasynyň bu ýere ýygnananlaryň hoşallyk çykyşlary, ýokary ruhubelentlige beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşan açylyş dabarasynyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Lebap welaýatyna iş sapary bilen utgaşmagy Berkarar döwletimizde döwlet we hususy eýeçilik tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagy ugrunda sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 30 müň inedördül meýdandan gowrak ýerde ýerleşýän täze önümçilik kärhanasynda jemi alty toparda mineral we sintetiki ýaglaryň, ýagny ýeňil awtoulaglaryň hereketlendirijilerine niýetlenen ýaglaryň, awtoulag we awtomatiki transmissiýa üçin ýaglaryň, gidrawlik ulgam üçin ýaglaryň, agyr iş şertlerinde işleýän kuwwatly transmissiýa ýaglarynyň, senagat ýaglarynyň, şeýle hem senagat we oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenen motor hem-de gidrawlik ýaglaryň önümçiligi ýola goýlupdyr.

 Önüm öndürmek üçin esasy çig mal Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem önümçilige zerur bolan himiki serişdeler daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalaryndan özara hyzmatdaşlyk esasynda getirilýär. Häzirki wagtda täze kärhanada mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşi öndürilip, geljekde onuň sanyny 50-ä ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň 40-sy zähmet çekýär, geljekde önümçiligiň giňelmegi bilen bu san 100-e ýeter. 

 Hojalyk jemgyýetiniň täze önümhanasynda öndürilýän önümler kärhananyň özünde önümçiligi ýola goýlan 1, 5 we 20 litr göwrümli plastik gaplara, şeýle hem 200 litr göwrümi bolan demir çeleklere gaplanylýar. Täze önümçiligiň bir günde 80 tonna, bir ýylyň dowamynda bolsa, 20 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar. Şeýle hem kärhanada Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň tehnologiýalary ornaşdyrylan kämil barlaghana hereket edýär. Bu bolsa, gysga wagtda önümiň hil derejesini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.