Ï Türkmenistan we Özbegistan gümrük işgärlerini taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Özbegistan gümrük işgärlerini taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

view-icon 1509
Türkmenistan we Özbegistan gümrük işgärlerini taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň gümrük institutynyň mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.

Işgärleri taýýarlamak pudagyndaky resminama 2022-nji ýylda gol çekildi. Özbek tarapyndan duşuşyga institutyň gaýtadan taýýarlamak we hünär kämilleşdiriş, ylmy barlaglar we ylmy işgärleri taýýarlamak bölüminiň, şeýle hem halkara gatnaşyklar boýunça gullugynyň mugallymlary we işgärleri gatnaşdylar. Institutyň mugallymlary gümrük işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini kämilleşdirmek boýunça okuw işiniň guralyşy, ylmy işleriniň ýöredilişi barada gürrüň berdiler hem-de institutyň bilim maksatnamasynyň Bütindünýä gümrük guramasynyň PICARD hünär standartlary bilen utgaşdyrmak boýunça alnyp barlan işleri boýunça tejribesini paýlaşdylar.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylar ýokarda ady agzalan Ähtnamanyň çäginde Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleri üçin ylmy işleri ösdürmek we onlaýn maslahatlary guramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.