Ï Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlanýar

view-icon 1600
Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlanýar

Türkmenistan şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyna we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin taýýarlanýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.

Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar. 

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.