Ï Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýlar

view-icon 1670
Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýlar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda dörediljek täze önümçilik ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary özümizde öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.