Ï Eziz Diýarymyzda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar

view-icon 1736
Eziz Diýarymyzda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar

Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda gowaça ekişi başlanar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini belledi. Bu möwsüm pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýar. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.