Ï Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen GIZ-iň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen GIZ-iň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

view-icon 1561
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen GIZ-iň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary Ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda 2024–2026-njy ýyllarda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» (TFCA) taslamasynyň çäklerinde özara düşünişmek barada Memorandumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. 

Resminama Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew we GIZ-iň Gazagystandaky, Özbegistandaky we Türkmenistandaky direktory Ýoahim Fris Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael U.Birhoffyň gatnaşmagynda gol çekdiler.

Taslamanyň baş maksady, esasanam, serhetaşa söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen sanlylaşdyrma pudagynda sebitara çemeleşmeleri we bilimleri ösdürmekdir.

Duşuşykda ministr B.Goçmollaýew Türkmenistanyň sebit söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi Mihael U.Birhoff sebitde we onuň çäginden daşarda Türkmenistanyň söwda gatnaşyklary pudagynda gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Jenap Fris özara düşünişmek barada bu Ähtnama gol çekilmegi bilen Türkmenistanyň «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» sebit taslamasynyň çäklerinde bäşinji ýurt boljakdygyny belläp, ýurtlaryň we kompaniýalaryň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmasyna laýyk gelýändigini belledi. 

GIZ-iň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň 11–13-nji martynda eden sapary wagtynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň amaly taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy we 2024-nji ýylda ylalaşylan maksatlara ýetmek üçin möhüm ädimler beýan edildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet gullugynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar sebit TFCA taslamasynyň çäklerinde bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýada serhetaşa söwdanyň gülläp ösmegine ýardam etjekdigini bellediler.