Ï Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirilýär

view-icon 2295
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirilýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär.

Ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we goldamak meselesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda möhüm ädim boldy. Bu Maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr. Amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini ösdürmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak ýaly ugurlar şu ýylda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň hataryndadyr.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, ýurdumyz milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şeýle hem sebitleri durnukly ösdürmek, täze kärhanalary işe girizmek, müňlerçe iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňde goýdy. Şunda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny 71,4 göterime (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) ýetirmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen telekeçilerine dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwletiň işjeň höweslendiriji goldawy esasynda türkmen telekeçiliginiň ösüş depginini gazanylýan aýdyň netijeler hem subut edýär. Diňe geçen, 2023-nji ýylda TSTB-niň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki bolsa 106,7 göterime ýetdi. Şunlukda, birleşme şeýle statistiki görkezijiler bilen nobatdaky ýyla gadam goýdy. Ýerine ýetirilen bu işleriň sakasynda bolsa sarp edilen ummasyz güýç we tagallalar durandyr.

…Sergiler merkeziniň giň zalynda joşgunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Sergä gatnaşyjylarydyr myhmanlary döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýandygy nygtalýar. Geçen 16 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär.

Biz bedew batly ösüşleriň mekany bolan eziz Diýarymyzyň ynamly gadamlarynda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, işewürlik gurşawynyň döwrebap hukuk binýadyny döretmäge, ýokary netijeli innowasion özgertmelere, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagyna aýratyn üns bereris diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar.

Häzirki döwürde ylmy esasda işlenip düzülen, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Bu çemeleşme bar bolan önümçilikleri tehniki we guramaçylyk taýdan kämilleşdirmekde, eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini öndürmekde telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, döwletimiz ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek we başlangyçlary öňe sürmek bilen, hususy kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berýär, olaryň innowasion işlere çekilmeklerini, halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün edýär. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilýän “täze önüm”, “importyň ornuny tutýan önümçilik” ýa-da “innowasion tehnologiýa” ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär.

Diwarlyklarda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýan Telekeçiler mekdebi, “Bäsdeş” söwda öýi, “Birleşme gurluşyk” birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan “Rysgal” gazeti barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän demokratik özgertmelere işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem öz bölüminde alyp barýan işleri barada maglumat berýär. Barha ösýän telekeçilik ulgamy ýurdumyzda işewürligi ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Bu strategiýa jemgyýetçilik işjeňliginiň, ykdysady başlangyçlaryň täze, has täsirli görnüşleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir.

Serginiň aýry-aýry bölümlerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümleriniň alyp barýan işleri görkezilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösýär, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iş alyp barýan iri kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda, sebitlerde giň möçberli döwlet taslamalaryny amala aşyrýarlar, köp sanly iş orunlaryny döredýärler. Aslynda, ykdysadyýetiň söwda, maldarçylyk ulgamlaryna, mebelleriň, gurluşyk materiallarynyň, azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň önümçiligine, bilim, kanunçylyk, çap we dizaýn işleri, halk senetçiligi ýaly pudaklarda ýöriteleşen türkmen telekeçileri tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň hemme ugurlaryny sanap çykmak aňsat däldir.

Şeýlelikde, sergide «Nur bina gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk», «Baýly gurluşyk», «Gujurly binagär», «Gündogdy», «Ojar Aziýa» hususy kärhanalary, «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti, «Saýaly menzil», «Erkin gurluşyk», «Döwlet gurluşyk», «Altyn», «Altyn nesil», «Türkmen bina gurluşyk», «Nahal» hususy kärhanalary öz tejribelerini hem-de mümkinçiliklerini görkezýärler.

Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik, durmuş maksatly döwrebap binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk merkezleri ýokary depginde gurulýar. Ak mermerli paýtagtymyza gelýän myhmanlar Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hasaplaýarlar. Onuň tanalmaz derejede özgeren keşbi, binagärlik aýratynlygy we milli öwüşginleri göreni haýrana goýýar.

Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly gurluşyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, «akylly» şäher we «akylly» öý, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalaryň kömegi bilen dürli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat-sitiniň» we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ägirt uly taslamalarynyň, binagärlik-şekil nusgalarynyň serginiň esasy bezegine öwrülendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň taslamasyny iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagynda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň, şeýle hem «Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşyklary bar. Hususy gurluşyk düzümleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman dynç alyş zolagynyň infrastrukturasyny döretmäge-de işjeň gatnaşýarlar.

Sergide görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk senagatynyň täze önümleriniň we tehnologiýalarynyň, gurluşyk serişdelerini öndürýän awtomatik kuwwatlyklaryňdyr kiçi zawodlaryň, suw sorujylaryň, suw arassalaýjy enjamlaryň, panel we diwar toplumlarynyň, alýumin, plastik profilleriniň, santehnika, bezeg serişdeleriniň tapawutly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýýarlar. Munuň şeýledigini «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň, «Begler ýoly», «Ak hünji» hususy kärhanalarynyň diwarlyklary hem aýdyň görkezýär. Bu kärhanalarda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler öndürilip, olara diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Şolaryň hatarynda turbalar, kabeller, asma petikler, penjireler we gapylar üçin profiller, penopolistirol, jemagat hojalygynda, gurluşyklarda giňden peýdalanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar. «Çaly» hususy kärhanasy innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň köp sanly görnüşini hödürleýär. Gurluşyk serişdelerini öndürijileriň köpüsi, şol bir wagtyň özünde beýleki önümçilikleri-de özleşdirmek bilen, işleriniň gerimini giňeldýärler.

Telekeçiler tarapyndan öndürilýän senagat önümleriniň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Keramiki plitalar, bazalt süýümi, turbalar, kerpiçler, demirbeton gurnamalary, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çäge, keramzit, emulsiýalardyr boýaglar, elektrik kabeller, ýanýoda daşlarydyr kafeller, gury gurluşyk garyndylary, ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar senagat pudagynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýär. Bu ugurda sergä gatnaşanlaryň arasynda «Hindiwar» hojalyk jemgyýeti, «Täjir ýoly», «Berk önüm», «Täze süzgüçler» kärhanalary we beýlekiler bar.

Sergide ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän hususy kärhanalaryň gazananlary görkezilýär. Ulag-logistika kompaniýalarynyň işleri Türkmenistanyň bu ulgamda amala aşyrýan iri halkara taslamalary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu ýerde ýurdumyzyň tebigy çig mal serişdeleriniň binýadynda yzygiderli ösýän himiýa önümçiligi bilen meşgullanýanlaryň önümleri hem bar. Hojalyk himiýasynyň önümlerini mahabatlandyrýan diwarlyklar uly gyzyklanma eýe bolýar. «Guba gara», «Täç hil», «Nurly energiýa çeşmesi» kärhanalary we başga-da köp sanly hususy telekeçiler ýurdumyzyň sintetik ýuwujy, arassalaýjy serişdeler, kosmetika we parfýumeriýa harytlary bazarynda öz täze önümlerini görkezýärler. Sergide ýurdumyzyň daşary ýurtlarda öndürilýän önümler bilen bäsdeşlik etmäge ukyply hem-de alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini — gaz we elektrik plitalary, peçleri, mikrotolkunly peçleri, smart-telewizorlary öndürijileriň diwarlyklary hem mynasyp orun eýeläpdir.

Sergä gatnaşýanlaryň ençemesi halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda döwrebap egin-eşikleri, aýakgaplary, uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürýän düzümleri — «Röwşen» hususy kärhanasyny, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetini we beýlekileri görkezmek bolar. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilen matalardan tikin önümlerini, keteni matalaryny, dürli suratly, reňkli we dürli möçberdäki milli zenan öýmelerini öndürýän kärhanalar hem bar.

Telekeçilik we döredijilik başlangyçlaryny goldamak arkaly halk senetçiliginiň, milli amaly-haşam sungatynyň täsin ýörelgelerini gorap saklamak innowasion esasda barha giň gerime eýe bolýan milli işewürligiň wezipesi bolmagynda galýar. Sergide telekeçiler, halk ussatlary, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen elde dokalan bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, sowgatlyk harytlar görkezilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda täze halyçylyk kärhanalary döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly we haly önümleriniň, sowgatlyk el işleriniň elektron söwdalaryny guramak, munuň üçin sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Ýurdumyzyň mebel önümlerini öndürijileriniň diwarlyklary hem aýratyn orun eýeleýär. Mebel önümçiliginiň öňdebaryjylary — “Aýbölek”, «Çigildem» fabrikleri, «Abraýly mebel» we «Nurana türkmen» kärhanalary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň köp görnüşlerini sergi meýdançasynda öý we edara gurşawynda bezelen nusgalar arkaly hödürleýärler.

Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumy, azyk we gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda ýöriteleşen agzalarynyň işine giň orun berildi. Bu ugruň kärhanalary döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda telekeçiler et we süýt önümleriniň, çaga iýmitiniň, miwe, gök-bakja önümleriniň, şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, konserwirlenen balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň giň görnüşlerini öndürýärler. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe, şol sanda ýurdumyz üçin mahsus bolmadyk önümleriň öndürilişini hem artdyrýarlar.

Sergide “Akdaş miwe içgileri”, “Arçalyk”, “Berk Akar” hususy kärhanalarynyň öndürýän alkogolsyz içgileriniň we arassa agyz suwunyň, “Miweli oba” hojalyk jemgyýetiniň “Saba”, “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň “7 gün”, “Parahat” hususy kärhanasynyň “Joş”, “Eçil” haryt nyşanly şireli içgileriniň, “MFT” haryt nyşanly ekologik taýdan arassa gök we miwe önümlerinden taýýarlanan şireli içgileriň, nektarlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti, “Sahabatly” maldarçylyk toplumy, “Maksada okgunly” hususy kärhanasy maldarçylyk pudagynda alyp barýan seçgiçilik işleriniň netijelerini görkezýärler. “Simmental”, “golşteýn” we “angus” tohumly göleler Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan sygyrlaryň et-süýt berýän täze görnüşiniň kemala getirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sülgünler, düýeguş ösdürip ýetişdirýän hususy fermanyň afrika düýeguşlary we bedene saklanýan ýörite bölüminiň ýany hem köp adamly boldy. Dürli balyk önümlerini öndürmekde gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän diwarlyklar uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri balyklary ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Kenar» haryt nyşanly we beýleki hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary aýratyn ünsi çekýär.

Ýurdumyzyň kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hiline, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen döredilen “Hil standart” hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygynyň goragynda durup, Diýarymyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyny seljermek boýunça ilkinji barlaghana merkezidir. Bu düzümiň azyk önümlerini seljermek babatda ygtyýarlylygy ISO/IEC17025:2017 halkara akkreditasiýasy bilen tassyklanyldy.

Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini goşmaça ekmegiň, miweli baglary hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda uly tagalla edýärler. Munuň özi içerki bazary önümler bilen üpjün etmäge hem-de eksportyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oba hojalyk işewürliginiň bir ugry hökmünde miweçiligiň netijeli ösdürilmegi ýurdumyzyň telekeçileriniň barha uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu ösüşler “Ak diwar” hususy kärhanasynyň we beýlekileriň diwarlyklarynda öz beýanyny tapýar. TSTB-niň agzalary suwarmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýokary hilli serişdeleri we tehnikalary ulanmagyň esasynda miweli baglary ösdürip ýetişdirýärler.

Telekeçiler giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň geçirilmegine, ekologik abadançylygyň wezipelerini çözmek bilen bagly Milli tokaý maksatnamasynyň we beýleki döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, 16-njy martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna-da uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Sport we syýahatçylyk, sport senagaty hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tanyşdyrýan diwarlygyň töweregi hem köp adamly boldy. Bu ulgam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Sergi telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen hem tanyşdyrýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, işlerini françaýzing usuly boýunça guraýarlar. Muňa mysal hökmünde TSTB-niň agzalary tarapyndan dolandyrylýan «Kämil market», «Halk market», «Şerbet market» ýaly paýtagtymyzyň iri söwda merkezlerini görkezmek bolar.

Sergide “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylmagy-da täsirli boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürler jemgyýetçiliginiň öňünde internet arkaly söwdalaryň möçberini artdyrmak, elektron söwda üçin milli meýdançalary döretmek, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň halkara giňişlikde mahabatyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri goýdy. Telekeçiler döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagatyny döretmek hem-de ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümçilige, ähli pudaklarda sanly ulgamy hem-de tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleriniň sany yzygiderli artýar we olar öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylary (router), suwy sowatmaga hem-de gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi diňe bir importyň möçberini azaltmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Sergä gelýänler “Türkmen ýyldyzy” kärhanasynyň işi bilen hem tanşyp bilerler. Ol beketleri, elektrik hereketlendirijileri, generatorlary, transformatorlary gurnamak, ýeňil we düýpli bejermek, elektrik enjamlarynyň ähli görnüşlerini synagdan geçirmek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgam döwletiň hyzmatdaşy bolup, ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, çaphana önümleriniň, gurluşyk serişdeleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň we beýlekileriň önümçiligine maýa goýumlary gönükdirýär. Nobatdaky sergi bolsa türkmen işewürleriniň marketing syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegine öwrüldi. Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň, bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, täze harytlaryň, hyzmatlar ulgamynda teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

“Mähirli zenan”, “Nur ýüpek” modalar öýleriniň önümleri sergä gelenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Onda ýaz-tomus möwsümleri üçin niýetlenen ajaýyp lybaslar görkezildi. Milli äheňdäki zenan lybaslaryny döretmek bu modalar öýleriniň esasy iş ugrudyr.

Ýygnananlar forumy guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin öz gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

...Gözden geçirilişiň çäklerinde ertir TSTB-niň edara binasynyň mejlisler jaýynda telekeçilik işiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga bagyşlanan maslahat geçiriler. Hususy önümçilige täze tehnologiýalary we öňdebaryjy nou-haulary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, hususy önüm öndürijileriň önümleriniň, hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän önümlere sarp edijileriň ünsüni çekmek, telekeçilik işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri toplumlaýyn seljermek maslahatyň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar. Şeýle hem soňky ýylda durmuşa geçirilen işleri we gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak, önümçiligi ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeler barada pikir alyşmalaryň guralmagy meýilleşdirilýär.

Nobatdaky sergi Garaşsyzlyk ýyllarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň we täzelikleriň aýdyň beýanydyr.

Sergi 19-njy marta çenli dowam eder. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.