Ï B5+1 forumynda Türkmenistanyň işewürlik gurşawynyň we maýa goýum ýagdaýynyň ösüşi görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

B5+1 forumynda Türkmenistanyň işewürlik gurşawynyň we maýa goýum ýagdaýynyň ösüşi görkezildi

view-icon 1418
B5+1 forumynda Türkmenistanyň işewürlik gurşawynyň we maýa goýum ýagdaýynyň ösüşi görkezildi

Merkezi Aziýadan we ABŞ-dan döwlet pudagynyň, telekeçiligiň hem bilermenler jemgyýetiniň wekilleri halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagynda 14-15-nji martda Almaty şäherinde «Döwlet-hususy gepleşikler arkaly Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady integrasiýany güýçlendirmek» atly ilkinji B5+1 forumy geçirdiler.

Maksady Merkezi Aziýada söwda, maýa goýumyna, iş gurşawyny we ykdysady integrasiýany gowulandyrmaga ýardam etmek bolan bu işewürlik forumyna Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet-de gatnaşdy.

Forumyň açylyşynda çykyş etmek bilen, ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite kömekçisi we Milli howpsuzlyk geňeşinde Russiýa hem Merkezi Aziýa boýunça uly müdir Nikolas Berliner amerikan kompaniýalary bilen Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda uzak möhletli hem çuňňur gatnaşyklaryň birnäçe mysalyny getirdi. Nebit we tebigy gaz önümlerini dünýäniň iň uly arassalaýjylaryndan biri bolan «Oxbow Group» kompaniýasy Türkmenistanda çykýan nebit koksuny alýumini, polady, elektrik energiýasyny, semendi we beýleki wajyp önümleri öndürmekde ulanyp boljak bazarlara satýar.

B5+1 forumy C5+1 diplomatik ýerligiň üstüni ýetirmek üçin niýetlenendir we Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlary, ABŞ we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen işewür hem ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir. Forumda ulag we logistika, elektron söwda, syýahatçylyk, ýaşyl we gaýtadan dikeldilýän energetika, şeýle hem oba hojalyk ýaly esasy pudaklary ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň Söwda palatasynyň bir bölümi bolan CIPE tarapyndan taýýarlanan forumyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ilkinji gün B5+1-iň maksatlary we garaşylýan netijeleri belli edildi. Milli we sebitleýin geljege nazar ara alnyp maslahatlaşyldy, bilermenler we işewür toparlaryň sebitdäki ykdysady integrasiýany we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky teklipleri hödürlendi.

Forumyň ikinji güni Merkezi Aziýada söwda we maýa goýum akymlaryny ösdürmegiň ýollary baradaky halkara garaýşa bagyşlanýar. Doktor S.Frederik Starryň «Merkezi Aziýa we dünýä» atly esasy çykyşyndan soň ykdysady ösüş maksatnamalary we hyzmatdaşlygy emele getirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşdy. ABŞ kompaniýalary Merkezi Aziýanyň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýmak tejribelerini paýlaşdylar, ýerli telekeçiler birleşikleri bolsa döwlet we hususy sektorlaryň arasynda ösüp, täze bazarlara çykmakdan ötri, gepleşikler üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.