Ï Balkan welaýatynda bugdaýyň ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda bugdaýyň ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 1649
Balkan welaýatynda bugdaýyň ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär

Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlarydyr ýer eýeleri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, bereketli hasyl ýetişdirmek ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýylyň-ýylyna bugdaýdan bol hasyl alyp, halkymyzy mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa önümler bilen üpjün etmeklige mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Häzirki wagtda günbatar sebitiň ekin meýdanlarynda geçen ýylyň güýzünde ekilen, wagtynda gowy gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly barýar. Welaýatda bugdaýa ideg etmek, oňa ösüş suwuny tutmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda gadymdan gelýän milli ekerançylyk ýörelgelerine, öňdebaryjy tejribelere, ösen tehnologiýalara daýanylmagy hem ýerine düşýär. 

Oba hojalyk pudagynda ozal maldarçylyga ýöriteleşdirilen welaýatda indi ekerançylyk babatda görnükli ösüşler gazanyldy, oňyn tejribeler toplanyldy. Şonuň netijesinde ähli oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň, «ak altynyň» öndürilişi-de ýylsaýyn artýar. Häzirki döwürde welaýat diňe öz gallasy, pagtasy däl, eýsem, ýurdumyzda öndürilýän ähli önümler, dürli naz-nygmatlar bilen özüni birkemsiz üpjün edýär. 

Balkanly daýhanlar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatyň oba hojalykçylary 2024-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar ýerden şu ýyl hem bol hasyl aljakdyklaryna pugta ynanýarlar. Munuň üçinem olar bahar paslynyň häzirki jana şypaly, hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öňümizdäki orak möwsümine çenli bol hasyl ýetişdirmegiň aladasyny edýärler. 

Jogapkärli işler welaýatyň Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly, Esenguly, Etrek etraplarynda has-da göwnejaý ýola goýlupdyr. Sebitiň ekin dolanyşygyndaky ýerleriň haşal otlardan arassaçylygyna-da aýratyn üns berilýär. Alyslara ýaýylyp ýatan meýdanlarda deslapdan taýýarlanylan gerbosidlerem kadaly ulanylýar. Dökünleriň ýurdumyzda öndürilýändigi bolsa işleri takyk guramaga, wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Güýçli depginlerde dowam edýän häzirki möwsümleýin işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da gaýratlylyk görkezýärler. Olaryň ýadawsyz tagallalary netijesinde önümçilik birleşiginiň etraplardaky kärhanalarynyň ýörite derman pürküji tehnikalarydyr enjamlary diýseň netijeli işledilýär. Agrotehniki möhletlerde guralýan işleriň hil derejesem topragyň ýokary hasyllylygyny şertlendirýär.