Ï «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň depgini barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň depgini barha artýar

view-icon 1845
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň depgini barha artýar

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerini öz topragymyzda öndürmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda hususyýetçilige hem uly orun degişlidir. Oba hojalyk pudagynda telekeçilik ulgamynyň işleriniň ilerlemeginde 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» kabul eden Kararynyň ähmiýetiniň uludygyny bellemek zerurdyr. 

Onda welaýat merkezine golaý ýerleşýän daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek we önüm öndürijilere gök, bakja, ýeralma ekinleriniň, üzümiň we miweli baglaryň hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümleri gaýtadan işlemek üçin ýer böleklerini bellenilen tertipde bölüp bermek görkezilipdi. Bu karar esasynda Çärjew etrabynyň ozalky «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde, Türkmenabat şäheriniň golaýynda «Tebigy ekin» daýhan hojalygy döredilip, oňa 99 ýyl möhlet bilen 953 gektardan gowrak ýer bölegi bölünip berildi. Bu daýhan hojalygynyň hereket edýän bäş ýylynyň dowamynda uly tejribe toplandygyny, şäheriň ilatyny ýeralma we ter gök-bakja önümleri bilen üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bolar. 

Munuň şeýledigini «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň daýhanlarynyň geçen ýylyň dowamynda öndüren önümleriniň mukdary hem bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýylyň dowamynda daýhan hojalygy boýunça 387 gektar ýerden 5 müň 418 tonnadan gowrak ýeralma, 69 gektar ýere ekilen soganyň bir müň 638 tonnadan gowragy, 150 gektar ýerden bolsa, käşiriň 3 müň 757 tonnadan gowragy öndürilipdir. 

Bulardan başga-da, hojalykda sarymsagyň, şugundyryň, pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň we beýleki bakja önümleriniň hem ýokary hasyly alnypdyr. Öndürilen önümler Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda we dükanlarynda alyjylara hödürlenipdir, onuň galan bölegi bolsa Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine tabşyrylypdyr. 

Bahar paslynyň gelmegi bilen bu daýhan hojalygynyň ekerançylary täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga hem yhlas bilen girişdiler. Häzirki wagtda 350 gektar meýdanda ekilen ýeralmadan gowy gögeriş gazanyldy. Hojalykda şu wagta çenli 7 gektar ýerde ýazky kelem, şeýle hem 20 gektar meýdanda sogan ekildi. Ýakyn wagtlarda hojalykda gök we bakja ekinlerini ekmek hem göz öňünde tutulýar. Hojalykda bulardan başga-da 9 gektar meýdanda üzüm, 14 gektar ýerde hem alma, armyt, ülje, erik we garaly ekilipdir. Şu ýyldan başlap olaryň hem bol hasyl bermegine garaşylýar. 

Daýhan hojalygynyň ýeralma, gök we bakja önümlerini öndürmeklige ýöriteleşdirilendigine garamazdan, geçen ýylda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, 116 gektar ýerinde gowaça, 190 gektar ýerinde bolsa, däneli ekinler ekilip, olaryň bol hasyly kemala getirilipdir. «Tebigy ekiniň» tehniki binýadynyň hem barha pugtalanýandygyny bellemek gerek. Häzir bu ýerde «John Deere 6175M» kysymly bejergi işlerini geçirmeklige niýetlenen traktorlaryň 9 sanysy, 3 sany ýer gazyjy – ekskawator, 2 sany hem suw daşaýjy maşyn ýylyň dowamynda öndürijilikli işledilip, daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrülýär. 

Hojalykda ekinleri suwarmagyň has netijeli usullarynyň ornaşdyrylandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mysal üçin, ýeralma ekilen meýdanlaryň emeli ýagyş usuly bilen suwarylmagy suwy ep-esli tygşytlamaga, bu ekiniň bol hasylyny almak üçin topragyň aşaky gatlagyny ýumşak saklamaga mümkinçilik berýär. Ekerançylyk ýerlerini bu usul bilen suwarmak maksady bilen, Türkiýäniň «Apdent» firmasynyň bir iş gününiň dowamynda 7 gektar ýeri suwarmaga mümkinçilik berýän emeli ýagyş ýagdyrýan enjamy satyn alnypdyr. 

Bu daýhan hojalygynyň ýakyn wagtlarda sowadyjy ammar gurmaklygy meýilleşdirýändigini hem bellemek zerurdyr. Bu desganyň gurlup, işe girizilmegi ýylyň islendik paslynda şäheriň ýaşaýjylaryna bu hojalygyň ter azyk önümlerini hödürlemäge mümkinçilik berer.