Ï Eziz Diýarymyzda söwda toplumynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işler alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda söwda toplumynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işler alnyp barylýar

view-icon 1557
Eziz Diýarymyzda söwda toplumynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işler alnyp barylýar

Türkmenistanda 3 — 5-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda söwda toplumynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işler alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergi ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerini görkezer. Onuň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sergide ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşiniň, dokma senagatynyň gazananlarynyň, milli el halyçylyk sungatynyň önümleriniň, hususy pudagyň ösüş ugurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.