Ï Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi

view-icon 1766
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.