Ï Türkmenistanyň ştrih kodlar boýunça milli guramasy soňky on ýylda edilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ştrih kodlar boýunça milli guramasy soňky on ýylda edilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdy

view-icon 1741
Türkmenistanyň ştrih kodlar boýunça milli guramasy soňky on ýylda edilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdy

27-nji martda Türkmenistanyň «GS1» halkara guramanyň agzasy bolan ştrih kodlar boýunça milli guramasy (TŞKMG) işe başlamagynyň on ýyllygyny agzalarynyň umumy ýygnagyna gabat getirmek bilen belledi.

Guramanyň geçen döwürde alyp baran işine jikme-jik syn berende, TŞKMG-niň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa esasy üstünlikleri, şol sanda Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda awtomatik kesgitleýiş tehnologiýalaryny we GS1 standartlaryny girizmegi göz öňünde tutýan 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde gazanylan üstünlikleri-de jemledi. Çykyşda mundan soň alnyp barylmaly işiň ileri tutulýan ugurlary we öňde duran döwür üçin wezipeler-de kesgitlendi.

TŞKMG-niň düzümine 2440 gurluş girýär, olaryň arasynda ministrlikler, ugurlaýyn müdirlikler, döwlete we hususy pudaklara degişli guramalardyr kärhanalar bar. GS1 halkara guramasyna agza bolmak, Standartlaşdyrmak boýunça milli tehniki komiteti döretmek, şeýle hem 2017-nji ýylda ştrih kod ulanylyşynyň halkara ülňülerine laýyk gelip-gelmezligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän asyl barlagy barlaghanasyny açmak TŞKMG-niň 10 ýylda gazanan üstünliklerindendir. Şu güne çenli 76 müňden gowrak ştrih kod, ýurdumyzda öndürilen önümlere bolsa degişli ýarlyk berildi. TŞKMG-niň awtomatik kesgitleýiş ulgamy türkmen haryt öndürijilerini doly suratda öz gerimine aldy, bu bolsa olaryň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär.

Geçen on ýylda milli ülňüleri halkara resminamalara sazlamak, halkara we döwletara ülňülerini iş ýüzünde işjeň ornaşdyrmak boýunça üstünlikli iş alnyp baryldy. Türkmen haryt öndürijileri baradaky maglumat bazasynyň kämilleşmegine TŞKMG tarapyndan işlenip düzülen «Türkmenistanda öndürildi» saýty hem goşant goşýar.

TŞKMG dürli ugurlarda awtomatik kesgitleýşiň dürli görnüşleriniň netijeli ulanylmagyny goldamak işini dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda haryt öndürijileriň hukuklaryny goramak üçin esas işlenip düzülýär.

TŞKMG-niň duşuşykda çykyş eden agzalary bu guramanyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sanly ykdysadyýet ýörelgesini durmuşa geçirmek, täze ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek we türkmen öndürijileriniň önümlerini daşary bazarlarda ýerlemek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işiniň ähmiýetini bellediler.