Ï Türkmenistanda ulag-logistika hyzmatlary bazary işjeň ösýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ulag-logistika hyzmatlary bazary işjeň ösýär

view-icon 2073
Türkmenistanda ulag-logistika hyzmatlary bazary işjeň ösýär

Ulag-logistika we ekspeditor hyzmatlary bazarynda iş alyp barýan hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň çalt köpelmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl böleginiň işjeň ösýändiginiň subutnamasydyr. 

Bazara köp iş tejribesi bolan kompaniýalar bilen bir hatarda öz işlerini halkara ülňülerine laýyklykda ösdürmäge we biznesiň meňzeş ugurlaryny özleşdirmegiň hasabyna öz ugurlaryny giňeltmäge synanyşýan ýaş kompaniýalar-da girýärler.

Ýakynda üç kompaniýa: «Maksatly türkmen garaýyş» (MTG) HJ, «Gaýra» HJ we «Gurnama hyzmat» HJ «Türkmen Logistika» assosiasiýasyna agza boldy. MTG dürli görnüşli ýükler bilen işlemekde tejribesi köp we dünýäniň islendik ýerinde diýen ýaly ýük daşamak hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýadyr. MTG-niň hünärmenleri ýüküň görnüşine baglylykda, ulag we logistika kysymyny saýlamaga kömek ederler. Bu kompaniýa gümrük resmiliklerini ýerine ýetirmek we ammarda ýük saklamak hyzmatlaryny-da hödürleýär.

«Gaýra» HJ ýük daşama bazarynda 2021-nji ýyldan bäri işläp gelýän we awtomobil bilen ýük daşamakda ýöriteleşen türkmen ulag we ekspeditorçylyk kompaniýasydyr. Bu ýaş kompaniýa müşderileri üçin amatly şertleri döretmek we olaryň ýükleriniň howpsuz daşalmagyny hem tükelligini kepillendirmek bilen, eýýäm işinde ajaýyp abraý gazanyp bildi.

«Gurnama hyzmat» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ýene bir ýaş, ýöne çalt ösýän kompaniýasydyr. Onuň işi raýatlyk we senagat gurluşygy, deňiz gämilerini bejermek we olara yzygiderli tehniki hyzmaty amala aşyrmak, suwasty tehniki işler, gidrotehniki desgalary gurmak, logistika we ýük ekspedisiýasy ýaly ugurlara gönükdirilendir.

«Gurnama hyzmat» HJ iki sany halkara ülňi – «Hil dolandyryş ulgamy» we «Saglyk goragyny we zähmet howpsuzlygyny dolandyryş ulgamy» boýunça şahadatnama barlagyny üstünlikli geçdi. Barlagy Germaniýanyň «TÜV Thüringen e.V.» şahadatnama beriş guramasy geçirdi. Halkara ülňülerine laýyklykda ykrar edilen bu şahadatnama laýyk bolmak kompaniýanyň hil dolandyryşy, zähmet goragy we howpsuzlyk tehnikasy ugrunda kämillige ymtylmagynyň subutnamasydyr.