Ï Aşgabat –Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi aprel aýynda açylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi aprel aýynda açylar

view-icon 2334
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ikinji bölegi aprel aýynda açylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda bolup geçen mejlisinde ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat uly awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy aprel aýynda boljak esasy wakalaryň hatarynda agzaldy. 

Häzirki zaman awtoulag ýolunyň we onuň desgalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy «Türkmen awtoban» ÝPJ tarapyndan amala aşyrylýar. Ol ýerine ýetirilen işiň hiline gözegçilik etmek barada ITB-niň iň oňat halkara tejribesine laýyklykda, «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Baş edarasy Awstriýada ýerleşýän işi ýokary tehnologiýalara gönükdirilen garaşsyz maslahat beriş kompaniýa bolan «VCE» awtoulag ýollarynyň gurluşygynyň halkara ülňülerine we talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek bilen, hil gözegçiligi boýunça inženeriň (QCE) wezipesini ýerine ýetirýär. Bütin dünýäde halkara taslamalarynda köp ýyllyk tejribä eýe bolan bu kompaniýa «Türkmen awtoban» ÝPJ-ne maslahat hyzmatyny we tehnologiýa geçirişini amala aşyrýar.

Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtoulag ýolunyň gurluşygynyň ägirt uly ýol we logistika taslamasy ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, milli ulag ulgamyny sebit we global multimodal aragatnaşyk ulgamlaryna birleşdirmek arkaly ýurdumyzyň geoykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmäge, şeýle hem hususy pudagyň halk hojalygyndaky ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýokary tizlikli ýoluň ilkinji 203 kilometrlik Aşgabat – Tejen böleginiň dabaraly açylyşy bolupdy. Awtoulag ýolunyň indiki böleginiň açylyş dabarasy eýýäm Türkmenistanyň Lebap welaýaty bilen serhetleşýän goňşy Özbegistanda gyzyklanma döretdi.