Ï Türkmenistanda «TIR-EPD» maglumat ulgamy ornaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «TIR-EPD» maglumat ulgamy ornaşdyryldy

view-icon 1990
Türkmenistanda «TIR-EPD» maglumat ulgamy ornaşdyryldy

Sanlylaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli serhetýaka gümrük nokatlarynda, şol sanda «Altyn asyr», «Artyk», «Sarahs», «Serhetabat», «Ymamnazar», «Farap», «Daşoguzawtoýollary» we «Garabogaz» nokatlarynda «TIR-EPD» ulgamy ornaşdyryldy we häzirki wagtda hereket edýär. Ol Türkmenistanyň gümrük serhetleriniň üsti bilen halkara gatnawlarynyň hereketiniň tizleşdirilmegine ýardam edýär.

«TIR-EPD» ulgamy arkaly onlaýn ýagdaýda Türkmenistana ugran hem-de onuň çäklerinden üstaşyr geçýän harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlar gelip gowuşýar. Şonuň ýaly maglumatlar «MDP kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýük daşalyşy baradaky gümrük Konwensiýasyna» agza ýurtlaryň gümrük edaralaryna ugradylýar. Munuň özi, türkmen harytlarynyň Konwensiýa gatnaşyjy ýurtlara iberilmeginiň halkara geçelgeleriniň ygtybarlylygyny üpjün edýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bu ulgamy «E-TIR» ulgamy bilen utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, «E-TIR» ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen serhetlerde ýükleriň gümrük taýdan bellige alynmagy doly awtomatlaşdyryldy.