Ï Balkan welaýatynda tebigy taýdan arassa önümleriň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda tebigy taýdan arassa önümleriň öndürilişi artýar

view-icon 1610
Balkan welaýatynda tebigy taýdan arassa önümleriň öndürilişi artýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Tebigy taýdan arassa, derde derman melhemleri taýýarlamakda Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasynyň agzybir hünärmenleri mynasyp işleri durmuşa geçirýärler. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki bu döwrebap kärhana işe girizilen ilkinji gününden, ýagny 2014-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri geçen döwürde melhem palçyklaryny, deňiz duzuny öndürmekde köp öňegidişlikleri gazandylar. 

Kärhana her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, şol sanda dünýä belli Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmeklige niýetlenendir. Şeýle-de kärhana üç sany esasy bölümden-bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplaýan hem-de hil barlag bölümlerinden ybarat bolup, olarda işler ýokary derejede guralypdyr. Bölümler öz aralarynda kompýuter arkaly pugta arabaglanyşykda işleýär. Bu ýerde Italiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Belgiýa, Fransiýa ýaly döwletlerden getirilen dürli görnüşdäki kuwwatly, kämil enjamlar işledilýär.

Güneşli ýurdumyzyň tebigaty saglygy goraýyş ähmiýetli dürli tebigy serişdelere baýdyr. Olaryň arasynda dürli palçyklar we  deňiz  duzlary uly orun tutýar. Palçyklar iki topara-gyrmança we wulkan palçyklaryna bölünýär. Gyrmança palçyklary boýunça Mollagara köli diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda bolsa Mollagara palçygynyň kosmetologiki häsiýetleri öwrenildi, onuň deri üçin juda ýaramly täsirleriniň bardygy anyklandy. Ol deride öýjük täzeleýji, gurplandyryjy, derasty gan aýlanyşygyny kadalaşdyryjy, ýüze näziklik beriji hem-de derini täzeleýji häsiýetleri ýüze çykarýar. 

Günbatar sebitiň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän täsin wulkan palçyklarynyň kesel bejeriş häsiýetleri hem ýokarydyr. Bularyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bolup, olar kosmetologiýada, lukmançylykda deri, ýürek-damar, içege, önelgesizlik kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Kärhananyň bejeriş palçyklary bölüminde tebigy çeşmelerden getirilen palçyk ýöriteleşdirilen elegiň kömegi bilen daş, çäge böleklerinden, beýleki garyndylardan arassalanýar. Soňra ol ýörite sorujylar arkaly arassalanan suw bilen gerekli derejede garylyp, guýujy ulgama geçirilýär. Bölümiň önümçilik kuwwaty sagatda 600 gap taýýar önüme deňdir.

Deňiz duzuny gaplaýan bölümde-de duz ilkinji tapgyrda degişli ölçege çenli owradylýar. Soňam ýöriteleşdirilen elekde magnitleriň kömegi arkaly daş, metal we beýleki garyndylardan arassalanýar. Şol arassalanan duzuň bir bölegem ýörite basyşyň kömegi bilen gerdejik görnüşine geçirilýär. Şeýle-de gerdejiklere dürli derman otlary goşulyp, bejeriş häsiýetleri berilýär. Bölümiň önümçilik kuwwaty sagatda 3600 gram taýýar önüme barabar bolup durýar.

Ýaňy-ýakynda biz bu ýerde bolanymyzda, gürrüňi edilýän kärhananyň direktory Wezirmämmet Kadyrow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

–  Biz bäsleşige ukyply, tebigy taýdan arassa melhemlerimizi ýurdumyzyň şypahanalaryna, saglygy dikeldiş-bejeriş merkezlerine, hassahanalara, Saglyk öýlerine yzygiderli ugradýarys. Ýakyn geljekde şeýle önümleri diňe bir ýerli müşderilere däl, eýsem, daşarky sarp edijilere hem ibermegi maksat edinýäris-diýip, gürrüň berdi.