Ï «Sekiz bagyň» önümleri göreni haýrana goýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sekiz bagyň» önümleri göreni haýrana goýýar

view-icon 1854
«Sekiz bagyň» önümleri göreni haýrana goýýar

Şu ýyl «Sekiz bag» hojalygy ilkinji gezek saflor ekip başlady. Zeýtun ýagynyň ornuny tutýan bu önümi daýhan birleşiginiň işgärleri Tejen etrabynyň bäş gektar meýdanynda ekdi.

Işgärleriň ekiş üçin saflory saýlamagy tötänden däldi. Bu ösümlik Türkmenistanyň topragyna we howa şertlerine uýgunlaşdyrylypdyr. Saflor ýokary gyzgynlygy halaýar we 2 bilen 35 gradus aralygynda iň gowy ösüş berýär, ol guraklyga-da çydamly. Bu ösümligiň ýeriň jümmüşine aralaşyp, topragyň çuň gatlaklaryndan alýan çyg bilen ýapraklaryny we güllerini iýmitlendirýän ösen kök ulgamy bar. Diňe güllemeginiň öňüsyrasynda we parç bolup gülleýän wagtynda saflor çyga mätäç bolýar. Saflor gülläninden, takmynan 30 gün soň, ýapragynyň köpüsi goňur reňk alanda ýetişýär. Iýmit hökmünde yzygiderli ulanylanda, saflor ýagy gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar we ýürek patologiýasynyň döremek howpuny peseldýär. Ýagda uglewodlar ýok. Onda bedeniň immunitetini berkitmäge we goragyny ýokarlandyrmaga kömek edýän belok bar.

Häzirki wagtda saflor ýagyny öndürmekde öňdebaryjy iki döwlet bar, bular ABŞ we Gazagystandyr. «Sekiz bagyň» höwesjeňleriniň ähli tagallalary etjekdiklerine we biziň üçin aňrybaş zerur bolan bu önümiň ösmegine goşant goşjakdygyna ynanasym gelýär. Şunuň ýaly ýagşy niýetli çaklamanyň ýeterlik sebäbi bar. Bu hojalyk indi birnäçe ýyl bäri öz ýerinde pagta, bugdaý, künji, raps we günebakar ýaly ösümliklerden bol hasyl alyp gelýär. Kärhana ösümlik ýagyny öndürýän ýörite enjamlary satyn alyp, iş ýerinde oturdypdyr. Geçen ýyl bu hojalyk 30 müň litre golaý ösümlik ýagyny öndürdi. Indi bolsa «Sekiz bag» önümçiligi artdyrmagy we önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.