Ï «Отдых-2024» atly sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümleri görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Отдых-2024» atly sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümleri görkeziler

view-icon 1487
«Отдых-2024» atly sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümleri görkeziler

Türkmenistan aprel aýynyň 18–21-i aralygynda Minsk şäherinde boljak «Отдых-2024» atly 26-njy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar. «Отдых-2024» sergä gelenlere dynç alşyň we göwün açmagyň dürli mümkinçilikleri barada hakyky maglumat hödürlär.

Ýüzlerçe sergä gatnaşyjylar, şol sanda syýahatçylyk operatorlary, sagaldyş öýleri, lukmançylyk we SPA-merkezler, şäher etegindäki toplumlar, Belarus Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistandan, Kubadan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan getirilen toplumlaýyn senagat desgalary täze syýahatçylyk maksatnamalaryny we tekliplerini görkezerler.

Sergi-ýarmarkasy diňe bir syýahatçylyk önümlerini, täze ugurlary we syýahatlary mahabatlandyrmak üçin netijeli iş meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, işewür gatnaşyk toparlaryny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Sergi-ýarmarkasynyň esasy görnüşleri şulardyr: syýahatlar (möwsümleýin dynç alyş, işewür saparlar, çaga dynç alşy, deňiz syýahaty, okuw gezelençleri), syýahatçylygyň dürli görnüşleri (lukmançylyk, gastronomik, ekologik syýahat, SPA-syýahat), gezelenç maksatnamalary, sagaldyş öýleri, dynç alyş öýleri, ulag hyzmatlary, syýahatçylykda ätiýaçlandyrma, myhmanhana hyzmaty, dynç alyş we sport harytlary, kartalar, kitapçalar, ýol görkezijiler.

Serginiň maksatnamasy tanyşlyklary, «tegelek stollary», B2B/B2C formatdaky gepleşikleri, syýahatçylyk pudagynyň has wajyp temalary boýunça maslahatlary göz öňünde tutýar. Sergi-ýarmarkasynyň maksatnamasynyň çäginde ilkinji gezek syýahatçylyk boýunça sanly önümler görkeziler, Belarus Respublikasynyň giňişleýin medeni-dynç alyş we işewür maksatnamaly etraplar günleri bolar. Sergä gelenlere bäsleşikler, «kim ýokary» satyşlary, arzanlaşyklar, baýraklar, sergini guramaga gatnaşan şereketleriň adyndan gizlin teklipler garaşýar.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu syýahatçylyk hyzmatlary sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy öz syýahatçylyk önümlerini ýerlemäge, täze syýahatlary mahabatlaşdyrmaga, köne hyzmatdaşlary bilen duşuşyklara, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.